BILIM

Konsul türkmen talyplarynyň okaýan uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew 2-nji sentýabrda Astrahan Döwlet tehniki uniwersitetine baryp gördi. Bu barada Konsullyk edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Tanyşlyk saparynyň çäginde konsul uniwersitetiň rektory A.Newalennyý bilen duşuşdy. Konsul we rektor duşuşygyň dowamynda akademiýa hereketi, balykçylyk, nebit we gaz ýaly ugurlar boýunça türkmenistanly hünärmenleri taýýarlamagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda bu uniwersitetde 400-den gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Rektor Konsuly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady. Sebitdäki epidemiologiki ýagdaý durnuklaşansoň, bu möhüm senä bagyşlanan bilelikdäki çäreleri (konsert, «tegelek sto»l we ş.m.) geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşykdan soň konsul üçin uniwersitete gysga wagtlyk gezelenç etdi. Ol synp otaglaryna we leksiýa zallaryna baryp gördi.

Bu ýerde konsul türkmenistanly talyplar bilen hem duşuşdy.

Ýene-de okaň

Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy

Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi