JEMGYÝET

74 ýangyn söndüriji ulag ýolda

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «KamAZ» AGPJ Türkmenistanyň Döwlet ýangyn howpsuzlygy müdirligi üçin täze ýangyn söndüriji ulaglaryň ýene-de 74 sanysyny iberer. Bu barada «Trend» kompaniýanyň sebit boýunça wekili Marat Garifuliniň maglumatyna salgylanyp habar berýär.

Täze ulaglar «KamAZ»-dan şu ýylyň hasabyna gelip gowuşjak ikinji tapgyr bolar. Iýul aýynda 47 sany ýangyn söndüriji ulag ýurdumyza getirilipdi.

Kompaniýa bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, bu ýerde öndürilýän ýük we beýleki maksatlar üçin «KamAZ»-lar hem ýurdumyza ugradylar. Umuman, diňe 2020-nji ýylyň hasabyna «KamAZ»-dan Türkmenistana 690 awtoulag geler. Indiki ýylyň ahyryna çenli bolsa olaryň sany 1982-ä çykar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar