«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyň merkezi edarasynda «Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini» açmak teklip edilýär. Bu bölüm ýurdumyzyň çäginde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçilikleriniň hem-de tehniki serişdeleriň sertifikasiýalaşdyrylmagyny talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen açylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna kiberhowpsuzlygyň önümçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak hem-de sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlary we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.
Döwletimiz üçin düýbünden täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň peýda bolmagy ýurdumyzda sanly ulgamyň döredilmegi hem-de ykdysadyýetiň özümiziň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi babatda bu wezipäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi, umuman, makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa degişli wise-premýerler bilen bilelikde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
täze açyşlar we tehnologiýa degişli habarlary,