Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.
Milli Liderimize paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary barada hasabat berildi Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada durup geçdi.
- Bu sebitde özboluşly binagärlik çözgüdi bolan, bezeg aýratynlyklary, gurluşy boýunça tapawutlanýan hem-de ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej toplumlarynyň taslamalary taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, dynç alýanlar üçin amatly iki gatly kottej jaýlary, çagalar we sport meýdançalary, açyk ýüzüş howuzlary, akwaparklar, beýleki degişli desgalar gurlar.
- Şunuň bilen birlikde, bu ýerde edara ediş binasynyň, lukmançylyk we söwda-dynç alyş merkezleriniň, beýleki degişli desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde zerur bolan inženerçilik-tehniki we ýol düzümine degişli desgalar gurlar.
- Görkezilýän taslamalar, çyzgylar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň tebigat bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.
- Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, “Altyn kölüň” kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi.
- Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän «Altyn köl» döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini bell
Soňra döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Ol ýerde desganyň potratçysy bolup durýan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň garamagyna otaglaryň bezeg işleriniň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, işleriň barşyna ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, gurluşygyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, ýanaşyk çäkleri talabalaýyk abadanlaşdyrmagyň hem-de bagy-bossanlyga öwürmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiz şäheriň merkezine tarap ugrady. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz işleriň ýagdaýy we depginleri bilen gyzyklanyp, şunuň ýaly desgalaryň gurulmagynyň paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň artmagyndan hem-de ýolda ulag hereketiniň ýokarlanmagyndan gelip çykýandygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze «Diwan» myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi.