JEMGYÝET

Indiki ýyl 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diň­lenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günler welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary hem-de zerur bolan tohumlary taýýarlamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 690 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler we şonça meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda öň­de durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi