SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda howa gatnawynyň ýola goýulmagy mümkin

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda täze howa gatnawynyň hereket edip başlamagy mümkin. Çünki «Tehran Times» neşiriniň habaryna görä, «Iran Air» awiakompaniýasy Büjnürt ― Aşgabat aralygynda halkara howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça özara Ylalaşyga gol çekdi. Täze dörediljek halkara gatnaw öz gözbaşyny şol mümkinçiliklerden alyp gaýdýar.

Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň general-gubernatory Mohammad-Ali Şojai täze gatnawyň ikitaraplaýyn syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtaýar.

Related posts

Türkmenistandan Belarus ugurly ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Rus awiakompaniýalary Türkmenistana uçmaga rugsat aldy

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

Dr.Döwran Orazgylyjov