TEHNOLOGIÝA

“Huawei” bassyr 2 aýdyr birinji

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligi eýeleýär. Bu barada “TheElec” portaly habar berýär.

Maý aýynyň görkezijileri boýunça hytaýly kompaniýanyň tutuş dünýä boýunça söwdasy 19,7 göterime deň boldy. Bu ugurda ikinji orny 19,6 göterim bilen Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy eýeledi. “Apple” kompaniýasynyň söwdasy 13 göterime, “Oppo”, “Xiaomi” we “Vivo” kompaniýalarynyň söwdasy bolsa 8 göterime deň boldy.

Aprel aýynda “Huawei” söwdasy 19 göterim, “Samsung” kompaniýasynyňky bolsa 17 göterime barabar boldy.

Şeýlelikde maý aýynda tutuş dünýäde 81,97 million smartfon satyldy. Aprel aýyndaky görkeziji bolsa 69,37 milliona deňdir.

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi