BILIM

“Ýazuw sungaty” kitaby türk dilinde

Ussat ýazyjy Stiwen Kingiň “Ýazuw sungaty” atly kitabynyň türk dilindäki terjimesi 22-nji iýunda tekjelerde bolar. Bu kitap 2000-nji ýylda neşir edilip, okyjylara ýetirildi.

Ajy we süýji ýatlamalar çyn ýürekden garylan we durmuş tejribesinden süzülen amaly teklipleri öz içine alýan “Ýazuw sungaty” kitaby ýazmak isleýänleriň hemmesiniň söýgüli kitaby bolar!.

“Ýazmagyň maksady pul gazanmak, meşhur bolmak, söýmek ýa-da dost edinmek däl. Netije-de, işiňizi we öz durmuşyňyzy okajak adamlaryň durmuşyny baýlaşdyrmak. Maksat; oýanmak, bejermek we başarmakdyr. Bagtly bolmak, şeýlemi? Bagtly bolmak. Bu kitabyň bir bölegi, belki-de onuň köp bölegi, ýazmagy nädip öwrenendigim hakda. Köpüsi nädip has gowy ýazyp boljakdygy hakda — diýip, belleýär.

Stiwen Kingiň bu ajaýyp, ugrukdyryjy we gollanma eseri ýazyjynyň işine we önümçilik işine ýagtylyk bermek bilen ýazmak isleýänlere ýol görkezýär. “Ýazuw sungaty” okanlaryň hemmesine ylham berer we batyrgaýlyk döreder.

Ýene-de okaň

Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar

Ýaş türkmen matematikleriniň halkara olimpiadaky uly üstünligi

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 600 ýaş hünärmen taýýarlady

Türkmenistanyň wekilleri «Ýatlama otlusy» çäresine gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Marokkodaky halkara maslahata gatnaşdy

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalary açyldy