JEMGYÝET

Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer ygtyýarlylandyrmak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu ugurda hereket edýän düzgünler, sanawlar seljerilip, döwlet paçlarynyň möçberlerine gaýtadan seredildi. Geçirilen toplumlaýyn işleriň netijeleri boýunça zerur resminamalar hem-de Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ygtyýarlylandyrmak işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol işler häzirki şertlerde ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekip hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

***

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji Karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 2767-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

 

Ýene-de okaň

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär