TEHNOLOGIÝA

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa “Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch” atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy.

Sagatda az mukdarda brilliant we lagyl ýerleşdirilendir. Sagadyñ öñki we yzky tarapy dury aýnadan ýasalan, ýagny mehaniki sagadyñ işleýişini görüp bolýar. Sagadyñ gapdalynda nagyş şekilleri bilen çekilendir. “Turbiýon” 1795-nji ýylda şweýsariýaly Abraham-Lui Brege sagat ussady tarapyndan oýlanyp tapylýar. “Turbiýon” sagadyñ dürs işlemegine kömek edýär. Bu mehaniki sagat özüniñ owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Related posts

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

“Mi 11 Pro” we “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary tanyşdyryldy

Ses tizliginden ýokary bolan täze ýolagçy uçary

Ata Watan Eserleri