SPORT

“Bundesliga” çempionatynyñ başlanýan wagty belli boldy

Germaniýa çempionatynyñ “Bundesliga” 2019/2020-nji ýyl möwsümi ýene bir hepde yza süýşürildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ habar bermegine görä, “Bundesliga”-daky duşuşyklarynyň 15—nji maýda başlamagyna garaşylýardy. Emma ýurduñ hökümeti bu senäni üýtgetdi – diýip,  “Daily Mail” neşiri belleýär.

Habar berlişine göra, “Bundesliga” çempionaty galdyrylan ýerinden dowam etdirmek üçin türgenler we tälimçiler, iki hepdelik karantinada bolarlar. Şu nukdaýnazardan, Germaniýanyñ “Bundesliga” çempionatyny 22-nji maýda başlamak göz öňünde tutuldy.

Bilşimiz ýaly, “Bundesliga”-da 25 tapgyrdan soñra wagtlaýynça arakesme girizilipdi . Häzirki wagtda çempionatda:

“Bawariýa” 55 utuk bilen birinji orunda barýar.  “Borussiýa Dortmund” 51 utuk bilen ikinji, “RB Leýpsig” topary bolsa 50 utuk üçünji orunda durýar.

Related posts

Mohammed Aliniň çempionlyk kemeri satyldy

Ata Watan Eserleri

“El-Klasiko” brend bolar

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady