JEMGYÝET

«Twilight» romanynyň 5-nji bölümi «Midnight Sun» ady bilen okyjylara gowşar

Ýazyjy Stefani Maýer «Twilight» romanynyň 5-nji bölüminiň «Midnight Sun» ady bilen şu ýylyň 4-nji awgustynda okyjylara gowuşjakdygyny habar berdi. Romanyň öňki bölümleri dünýäde iň köp okalan kitaplaryň hataryna girmegi başardy. Mundan başga-da bu roman esasynda dünýä belli ýyldyzlar Kristen Stýuartyň we Robert Pattinsonyň baş keşpleri janlandyrmagynda roman bilen adybir ajaýyp film surata düşürildi. «Twilight» romany fantastika we söýgi žanrlaryny özünde jemleýär. Bu roman esasan hem, ýaşlaryň arasynda meşhur kitaplaryň biridir. «Twilight» romany gysga wagtyň içinde ýaşlaryň söýgüsini gazanmagy başardy.

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy koreý işewürini kabul etdi

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Burak Özçiwit ahalteke bedewlerine haýran galdy