BILIM

Täze okuw ýyly üçin kompýuterler üpjün ediler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryny täze okuw ýylynda kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Däp bolşy ýaly, şol kompýuterler hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylar.

Kompýuterleriň zerur bolan sanynyň çykarylmagyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň bilelikdäki «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Soňra Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzy bilim berýän kompýuterleriň görnüşleri bilen tanyşdyrdy hem-de şolaryň häsiýetnamalary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek babatda telekeçileriň eýeleýän ornunyň giňelýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek hem-de içerki bazary ýokary hilli elektron önümleri bilen üpjün etmek babatda amala aşyrylýan taslamalary goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara 1-nji synp okuwçylary üçin kompýuter tehnikalarynyň programma üpjünçiligine, okuw wezipesine hem-de çagalaryň saglygy üçin howpsuzlyk ölçeglerine bildirilýän häzirki talaplara laýyklykda, olaryň öndürilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu işiň baş maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynda köpçülikleýin ulanylýan professional kompýuterleriň önümçiligini ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi