SPORT

Ýylyň transferi amala aşdymyka? Holand “Mançester Sitide”

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň ýyldyz futbolçysy Erling Holandyň indiki möwsüm üçin Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen şertnama baglaşandygy mälim edildi.

Iňlis metbugatynda ýary gije berlen habarlarda, norwegiýaly hüjümçiniň Angliýanyň “Mançester Siti” bilen ylalaşandygyny beýan etdi.

Norwegiýaly hüjümçiniň menejeri bilen ylalaşylandygy we gol çekilendigi bellenildi. Metbugat habarlaryna görä, “Mançester Siti” topary bu futbolça hepdelik 600 müň ýewro tölär.

Şeýlelikde, Holand bu görkeziji bilen Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynyň iň köp gazanýan futbolçysy bolar.

 

Angliýanyň döwlet işgärleri iş ýerine dolanýarlar

 

Related posts

Messi «Inter Maýami» bilen 2028-nji ýyla çenli şertnamasyny uzaltdy

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

Şahzadbek Matýakubow dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Ata Watan Eserleri