JEMGYÝET

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

Türkmenistanda ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, Oba hojalyk ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Related posts

17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy ulanmaga berler

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy