JEMGYÝET

Ýanwar-oktýabr: 61 iri desga ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edilen işler boýunça hasabatlar diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabatlar bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösýändigini belledi.

Jemi içerki önüm 6,2 göterim derejesinde saklanyp galyndy. Ýurdumyzda iri senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenilen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünden tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şenbe güni ýurdumyzda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Eýrana bardy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Leave a Comment