JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir PutinTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär. Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň, bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin.

Related posts

Putin geljek hepdede Türkmenistanda GDA-nyň sammitine gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçirile