JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy we Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň guwandyryjydygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy

İİT üyesi ülkeler İkinci Arabuluculuk Konferansı

vepa

Bereket etrabynda täze şäherçe — Galkynyş

Ata Watan Eserleri