DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro hem-de ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Dünýäniň iň ýaş milliarderleri

vepa

Türkmenistan-BMG: pandemiýa garşy maksatnama

Putin Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi

Leave a Comment