JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini, mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Uluslararası Petrol ve Doğal Gaz Fuarı yapılacak

vepa

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri