JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Frederik X-a Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza bolsa täze itergi beriljekdigine ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X-a berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Türkmenistan’da 2016 Yılı Değerlendirildi

vepa

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyñ we Türkiýàniñ arasyndaky Ylalaşyk tassyklanyldy