DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň täze ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy K.Amakawa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda K.Amakawanyň JBIC bankynyň başlygy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edilip, Türkmenistan bilen JBIC bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, JBIC banky Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan ykdysady taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky Gazdan benzin öndürýän zawod (GTG-1), Garabogazkarbamid zawody, Çärjew döwlet elektrik stansiýasy we beýleki iri taslamalar bar.

Şeýle hem duşuşykda JBIC bankynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda sirkulýar ykdysadyýet babatda taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapara çagyryldy

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi