DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Tailandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Tailand Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Tailandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar.

Related posts

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Monako älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan’da özel gaz beton üretim tesisi kuruldu

vepa