JEMGYÝET

Türkmenistandan Eýrana : ähli zerur kömegi bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky Ilçisi şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Kabulhanasy bilen habarlaşyp, 2024-nji ýylyň 19-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibrahim Raisiniň we Daşary işler ministri H.Abdollahiýanyň dikuçary bilen bagly ýüze çykan hadysany uly aladalar bilen yzarlanýandygyny beýan etdi.

Türkmenistan tarapyndan eger zerur bolan halatynda dostlukly we dogan halky bolan Eýran Yslam Respublikasyna ähli zerur kömegi bermäge taýýardygy nygtaldy. Dikuçardaky ýolagçylaryň tiz wagtda sag-salamatlyk ýagdaýda tapylmagyna dileg-dogalar edilýändigi Eýran tarapyna mälim edildi.

Related posts

Türkmenistan Belarus basınını yalanladı Türkmenistan bütün yükümlülüklerini tam yerine getiriyor

vepa

Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasy maslahatlaşyldy

Türkiýede saýlawlar 14-nji maýda geçiriler

Ata Watan Eserleri