JEMGYÝET

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekmek bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýarlygy ugrunda giň aladalaryň edilýändigini belledi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Related posts

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Hindistan Respublika gününi belleýär

Ata Watan Eserleri

Awazada 3 sany möhüm sammit geçiriler