MEDENIÝET

Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 17-19-njy oktýabrda Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri geçiriler. Bu gezekki medeni forum Türkmenistanyň diňe Aşgabat şäherinde däl, eýsem Mary şäherinde hem ýaýbaňlandyrylar.

Forumyň çäklerinde Tatarystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dürli baýramçylyk çäreleri, medeni we konsert maksatnamalary göz öňnüde tutulýar.

Şeýle hem tatarystanly medeniýet işgärleri uly konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler. Şeýle hem sergiler we ýarmarkalar guralar. Döredijilik duşuşyklary guralar. Tatarystan halkynyň milli tagamlarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsullygy habar berýär.

Related posts

Denzel Waşingtonyň “Oskar” rekordy

Ata Watan Eserleri

Taryhy tapyndylar milli muzeýe tabşyryldy

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 8-9-njy aprel aralygy