BIZNES

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherindäki «Hilton Garden Inn» myhamanhanasynda  geçirilen «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu foruma Koreýa tarapyndan 20-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu barada Söwda senagat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

«Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilmeginiň esasy maksady, Koreýanyň Pusan şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, syýahatçylyk, lukmançylyk, logistika ugurlary boýunça  hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

«Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna türkmen, gazak, täjik we  özbek wekilliýetleri işjeň gatnaşdylar.

Related posts

CIET 2026: Aşgabatda 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil jemlener

Oba hojalyk ekinleri üçin täze nyrhnamalar

vepa

Türkmenistan Ýewropa tebigy gaz ibermek üçin mümkinçilige eýedir