DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Aýlag ýurtlary” konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sekretariatynda “Merkezi Aziýa – Aýlag ýurtlary” konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Bu duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri gatnaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Saud Arabystanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmuhammet Çaryýew döwletimize wekilçilik etdi.

Duşuşykda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy, ykdysady, söwda, ylym we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary guralar

Türkmen-saud energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Pyýadalara jübi telefonlaryny ulanmak gadagan