BIZNES

Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport etmegi dowam etdirer

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistan bilen 2026-njy ýyla çenli elektrik energiýasyny satyn almak baradaky şertnama baglaşdy. Bu barada ýurduň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýangyç-energetika toplumy boýunça komitetiniň mejlisinde habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Russiýa, Gazagystan we Özbegistan bilen elektrik energiýa üpjünçiligi boýunça gepleşikleriň geçirilýär.

2025-nji ýyl üçin bu döwletler bilen şertnamalaryň bardygy bellenildi.

2024-nji ýylda Gyrgyzystanda 3 milliard 634 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny import etdi.

Türkmenistan birnäçe ýyldan bäri Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär.

Related posts

TNGIZT edarasyna baş direktor bellendi

Ata Watan Eserleri

Awtobuslary kärendä bermek ýola goýlar

vepa

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri Türkiýede tanyşdyryldy