DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, DIM-ara geňeşmeleri geçirmek we iki ýurduň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada ylalaşdylar.

Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky işjeň aragatnaşyk kanagatlanma bilen bellendi.

Related posts

Türkmenistan Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy