DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki “Bina” atçylyk-sport merkezinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli atçylyk toparynyň gatnaşmagynda täsirli medeni çäre geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäherindäki Döwlet atçylyk sirkiniň wekilleri Azerbaýjana gitdiler.

Türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezen dabaraly çäreleriň çäklerinde  «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk Federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Related posts

«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

Sanly ulgam arkaly 638 duşuşyk geçirildi

AIIB-niň ýolbaşçysy Awazadaky foruma gatnaşar

Ata Watan Eserleri