SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 15 -nji iýuna çenli togtadylýandygy barada habar berýäris:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylar awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklygy maslahat berýär.

Related posts

Türkiyä 2021-nji ýylda 29 million syýahatçy geldi

Ata Watan Eserleri

BSGG: 335 million adama sanjym edildi

Garramagy haýalladýan doňdurma öndürildi