JEMGYÝET

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine hem seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine Gurbangeldi Garlyýew bellendi.

Related posts

Boýun agyrysyny aýyrýar

vepa

Maýsa Pardaýewa hytaýly türgeni “ippon” bilen ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Eýran: Türkmenistanyň gazy Türkiýä iberilip başlandy

Ata Watan Eserleri