JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanda bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Türküstan şäherine bardy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Liderini Türküstan şäheriniň howa menzilinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.

Iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň resmi däl duşuşygy meýilleşdirildi we şäheriň birnäçe desgalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanynyň haj we umra ministriniň Aşgabada sapary

Frederik Starr: “Makul Sözlük”dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder

Ata Watan Eserleri