BIZNES

Türkmen gazyndan ammiak we metanol öndüriler

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty geçirildi.

Dünýäniň 32 döwletinden 100-e golaý kompaniýalaryň, halkara guramalarynyň we iri banklaryň wekilleriniň onlaýn görnüşde gatnaşýan maslahatynda birnäçe resminamalar hem gol çekildi.

Şolaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama bar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gol çekilen bu resminama laýyklykda, tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi  ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň tehnologiýasy Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda ilkinji gezek ulanyldy. Bu tehnologiýa arkaly ilkinji gezek tebigy gazdan sentetiki benzin öndürýän ilkinji desga biziň ata Watanymyzda guruldy.

 

OPEC: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Related posts

Türkmenistanyň paýtagtynda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasy açyldy

Türkmenistan fark attı: 62 Madalya

vepa

Özbegistan Türkmenistandan 21,6 million kWt/sagat elektrik energiýasy satyn aldy

Ata Watan Eserleri