MEDENIÝET

Türki dünýäsinde metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherinde  27-28-nji aprelde Türki dünýäsiniň synçylarynyň, ýagny ýazyjy-žurnalistleriniň simpozumy geçirilýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň gurnamagynda geçirilýän bu halkara çäre türki döwletleriň arasynda medeniýet hem-de metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu çärä beýleki goñşy döwletler bilen bir hatarda Türkmenistandan hem birnäçe žurnalistler gatnaşmak üçin doganlyk ýurda bardylar. Şolaryñ arasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara żurnalynyñ źurnalistlerinin bardygyny aytmak has hem yakymly.

Çäre esasan hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ işi we häzirki döwûrde ösüş ugurlary baradaky sorag jogaplar, çykyşlar şeýle-de tegelek stolyñ başyndaky gyzykly we täsirli gürrüńler bilen dowam etdi.

Iki gün dowam edýän bu halkara simpoziumda Türkiýe döwletiniń köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyna degişli edaralardan myhmanlara gatnaşdy.

Related posts

“Prix Italia 2023” festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler

Leave a Comment