SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymyny satyn aljak ilkinji ýurt belli boldy

Russiýanyň Gamaleýa instituty tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymynyň önümçiligine başlandy. Sanjymy aljak ilkinji ýurt yglan edildi. Russiýada işlenip düzülen “Sputnik V” koronawirus sanjymynyň aljak ilkinji ýurduň Belarus boljakdygy mälim edildi.

Belarusyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän beýanatyna görä, Aleksandr Lukaşenko bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Belarusyň sanjymy ilkinjileriň hatarynda aljakdygy bellenilip geçildi. Şeýle hem döwlet Baştutanlary Belarusyň raýatlarynyň Russiýa Federasiýasynda öndürilen koronawirus sanjymynyň üçünji synag tapgyryna meýletin gatnaşjakdyklary barada ylalaşdylar. Metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda, Belarus Russiýanyň sanjymy import etjek ilkinji ýurt bolar.

Hünärmenler sanjymyň iki ýyla çenli gorag üpjün etjekdigini öňe sürýärler. Sanjym iki dozadan berilýär.

Related posts

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ýewropada uly ýaşly ilatyň 46 göterimi sanjym edildi

Russiýadan Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlarynyň täze rejesi