JEMGYÝET

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär.

Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan ýene-de 2 sany dalaşgär hödürlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Lebap welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin dalaşgärlige hödürlenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow dalaşgärlige hödürlenildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň  Agrar partiýasy tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow dalaşgärlige hödürlenildi.

Bu dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

 

Dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary bellige alyndy

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Aral boýunça teklipleri öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi