SPORT

Russiýada hokkeý güni döredildi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gol çeken resminamasy bilen Russiýada Hokkeý gününi döretdi. Baýramçylyk her ýylyň 22-nji dekabrynda belleniler.

Resminama laýyklykda, bu karar Russiýada hokkeýi giňden ýaýbaňlandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Senäni Russiýanyň Sport ministrligi saýlady. 1946-njy ýylyň 22-nji dekabrynda hokkeý boýunça SSSR çempionatynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Ýurt boýunça ilkinji çempion Moskwanyň «Dinamo» topary boldy.

Related posts

Özbek futbolçynyň ilkinji resmi goly

“Zenit” – Russiýanyň çempiony

Habi Alonso “Real Madride” tälim berer