SPORT

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo klubda we ligada bolup geçýän ýagdaýlardan çynlakaý nägileligini beýan etdi hem-de topary terk etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada “MBC” neşiri habar berýär.
Neşir edilen maglumatlara görä, Ronaldo klubuň transfer syýasatyndan lapykeç bolup, ýolbaşçylaryň “Al-Nasr”-y güýçlendirmeýändigine, serişdeleri çempionatda ýeňşi üpjün etmek maksady bilen “Al-Hilal”-y goldamaga gönükdirýändigine ynanýar.

“Eger tomusky döwürde meniň talaplarym ýerine ýetirilmedik halatynda men giderin”, — diýip Ronaldo belläp geçipdir.

Hüjümçi toparlara deň derejede çemeleşilmegini we iň ýakyn transfer döwründe üýtgeşmeleriň edilmegini talap edýär.

Related posts

Ronaldonyň nobatdaky üstünligi

Aşgabatda Dewisiň Kubogy ýaryşy geçiriler

Ata Watan Eserleri

“PSŽ” Poçenttinonyň şertnamasyny ýatyrdy