SPORT

Pariž Olimpiadasynda 2 sport görnüşinde altyn medal gazandy

Amerikaly türgen Kristen Folkner Pariž Olimpiadasynda sportuň 2 görnüşinde ýagny, ýol welosiped ýaryşynda hem-de welotrek bäsleşiginde altyn medal gazanyp, 24 ýyldan soňra şeýle netije görkezen 3-nji türgen boldy.

Amerikaly türgen Kristen Folkner Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda sportuň 2 görnüşinde altyn medal gazanan 3-nji türgen boldy.

Mundan ozal, 2000-nji ýylda niderlandly welosipedçi Leontin wan Morsel hem welotrekde hem-de ýol welosiped ýaryşynda medal basgançagynyň iň ýokary münberine çykypdy.

Şeýle hem ýagdaýlaryň ilkinjisi bolsa, 1936-njy ýylda bolup geçipdi. Şol ýyl fransuz welosipedçi Rober Şarpentýe şeýle üstünlige eýe bolupdy.

Related posts

Katar dünýä çempionatyna taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary

Çempionlar ligasy we Ýewropa ligasy başlaýar