DÜNÝÄ

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde “Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu barada “Ariana” owgan neşiri habar berýär.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen Kabulda “Owganystan – Merkezi Aziýa” konsultatiw gepleşikleri guralar.

Duşuşyga Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki ýolbaşçylyk eder we oňa Owganystandan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli wekiller gatnaşar.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, ykdysady we howpsuzlyk meseleleri, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny, söwdany we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Mýanmada güýçli ýertitreme zerarly 7 gün matam yglan edildi

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Esenguli :En İyi İlçeye 1 Milyon Dolarlık Para Ödülü

vepa