SPORT

Olimpiadadan ozal Wirtual olimpiada

Halkara Olimpiýa komiteti I Wirtual olimpiadanyň geçiriljekdigini habar berdi. Bu Olimpiadanyň ýaryşlary sportuň käbir görnüşlerine bagyşlanan kompýuter oýunlaryndan ybarat bolar.

Has takygy, Wirtual olimpiadanyň maksatnamasyna beýsbol, küreklemek, awto we welo sport hem-de ýelkenli sport görnüşleri girýär. Tokio Olimpiadasynyň çäklerine girýän ýaryşlary 13-nji maý ― 23-nji iýun günlerinde geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşlary guramak üçin degişli federasiýalar jogapkär bellenildi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň aýtmagyna görä, täze ýaryş Ýer ýüzünde wirtual oýunlara bolan gyzyklanmany has-da artdyrar. Şeýle hem olaryň sport hökmündäki abraýy beýgeler.

Ýeri gelende aýtsak, Tokio Olimpiadasynyň esasy oýunlary 23-nji iýul ― 8-nji awgust aralygynda geçiriler.

Dünýä belli ýazyjynyň ýanýoldaşy aradan çykdy

 

Related posts

Tokio-2020: Hytaýly türgenler rekordlar bilen barýar

Messi gaýdyp gelýär

Gwardiola “Mançester Siti” topary bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri