JEMGYÝET

Nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk meselelerine hem seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Batyr Amanow bellendi.

Batyr Amanow Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Maksat Babaýew bolsa, Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi.

Şeýle hem Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi.

Bular barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Türkmenistana geldi

Türkmenistan ile BM ortak işbirliğinin 25.yılını kutluyor

vepa

Sähra bedewleriniň aýratynlyklary öwrenilýär

Leave a Comment