DÜNÝÄ

Napolýonyň şaý-sepleri we imperator aýalynyň täji: Luwr muzeýi dört minutda talaň edildi

Luwrda talaňçylyk 19-njy oktýabrda bolup geçdi. Üç sany jenaýatçy Parižiň baş muzeýiniň penjiresini döwüp, awtoulag wyşkasynyň kömegi bilen içeri girip, Napolýonyň şaý-sepleri ýygyndysyndan gymmat bahaly şaýlary ogurlady.

Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Datiň bellemegine görä, talaňçylyk birnäçe minut dowam edipdir. Fransiýanyň içeri işler ministri bolsa, talaňçylygyň 7 minut dowam edendigini belleýär.
Ol bu barada şeýle diýdi: “Biz ogurlyk baradaky maglumat alnandan birnäçe minut soň ýere geldik. Tutuş operasiýa takmynan dört minut dowam etdi — gaty çalt amala aşyrylypdyr”.

MUZEÝDEN OGURLANAN ZATLAR:

* Napolionyň şaý-sepler ýygyndysyndan dokuz sany zat ogurlandy.
“Le Parisien” gazetiniň habaryna görä, muzeýiň golaýynda imperator aýaly Ewgeniýanyň (Napolion III-iň aýaly) döwülen täji tapyldy. Soňra başga bir gymmatly şaý hem yzarlanyp tapyldy.

Dünýäniň her ýyl köp sanly daşary ýurtly jahankeşdelerini özüne çekýän Luwr muzeýinde iň uly talaňçylyk 1911-nji ýylda amala aşyrylypdy. Şonda meşhur Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” eseri ogurlanypdy.

Related posts

Lula da Silwa täzeden Braziliýanyň prezidentligine saýlandy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Bahreýniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkiýede Ýeňiş baýramy bellenýär