JEMGYÝET

Milli Liderimiz: «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerur

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen umumy sapagyny geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri umumy sapakda: «Häzir biz täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän, emeli aňyň ähli ýerde ornaşdyrylýan şertlerinde ýaşaýarys. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär. Biziň maksadymyz — Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr.

Biz «akylly» şäherleri döretmek ugrunda iş alyp barýarys. Bize «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerur diýip hasap edýärin. Bu konsepsiýa toplumlaýyn bolmalydyr. Işiň ähli esasy ugurlaryny öz içine almalydyr. Şol taslama ýaşlary, talyplary işjeň çekmek zerurdyr. Olar täze garaýyşlary, teklipleri, täzeçil nusgalary batyrgaý girizmäge ukyplydyrlar» diýip belledi.

Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy ylmy-tehniki sepgitlere çykmak üçin, Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.

«Biz ýurdumyzy bilim, pikir alyşmak we startap döretmek merkezine, ýaşlary intellektual kooperasiýa üçin özüne çekýän bir mekana öwürmäge çalyşmaly.

Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek üçin hukuk we guramaçylyk şertlerini emele getirmegiň üstünde işlemegi teklip edýärin. Goý, beýleki ýurtlaryň zehinli ýaşlary Türkmenistana gelsinler, türkmen ýaşlary bilen bilelikde öz döredijilik maksatlaryny durmuşa geçirsinler! Bu hemmeler üçin bähbitli bolar» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda aýtdy.

Related posts

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

Ata Watan Eserleri

Stambulda Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi

vepa

Çok Önemli Atama Gerçekleşti

vepa