TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynda 15 ýyldan soň baş müdir çalyşdy

Dünýä belli “Apple” kompaniýasynda 15 ýyldan soň ilkinji gezek baş müdir çalyşdy. Jon Ternus korporasiýanyň täze baş direktory boldy. Ol Stiw Jobsdan soň “Apple” kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Tim Kukyň ornuny tutdy.

Jon Ternus “Apple” kompaniýasynda 2001-nji ýylda işläp başlady. Ol inženerçilikden tä enjam üpjünçiligini işläp düzmek boýunça uly wise-prezident wezipesine çenli ýol geçdi. Şeýle hem metbugatda 51 ýaşly Ternusyň “Apple”-yň robototehnika işläp düzmek boýunça bölümine ýolbaşçylyk edendigi barada habar berlipdi.

Tim Kuk 1-nji sentýabrda “Apple”-yň baş direktory wezipesinden resmi taýdan gitdi. Ol Stiw Jobs wezipeden giden wagty, ýagny 2011-nji ýyldan bäri kompaniýa ýolbaşçylyk edip geldi. Şol bir wagtda Kuk korporasiýada Direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesinde galar.

Related posts

Türkmen Nakyllary Iňlis dilinde : “Makul Sözlük”

«Vivo S6 5G» 31-nji martda satuwa çykarylar

“Windows” ulgamyndaky näsazlyk: dünýä kompaniýalaryna täsirini ýetirdi