BIZNES

Merkezi Aziýanyň ilkinji kripto birŽasy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki Koreýanyň medeniýet merkezinde blokçeýn tehnologiýasy barada halkara maslahat geçirilip, «UzNEX» kripto birŽasynyň açylyş  dabarasy boldy. Bu barada Özbegistanyň metbugat neşirleri habar berýär.

Bu çäräniň esasy maksady ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmekden, blokçeýn tehnologiýasyny ornaşdyrmakdan, bu tehnologiýanyň durmuş-ykdysady wezipelerdäki ornuny jemgyýete ýetirmekden ybaratdyr.

Maslahata Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň blokçeýn pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalarynyň we Özbegistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň barşynda «KOBEA Group» kompaniýasynyň edara binasynyň we kripto birŽasynyň açylyş  dabarasy boldy.

«UzNEX» Merkezi Aziýanyň ilkinji kripto birŽasydyr. Özbegistanyň raýatlaryna birŽada kripto walýutany satmaga mümkinçilik dörediler. Şeýle hem bu birŽanyň ähli hyzmatlaryndan peýdalanmaga şert dörediler.

«KOBEA GROUP»  kompaniýasy «UzNEX» birŽasynyň esaslandyryjysy bolup çykyş edýär, soňlugy bilen Özbegistanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde blokçeýn barada ýörite kafedralar açmagy meýilleşdirýär.

Related posts

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün ediler