MEDENIÝET

Maryda gadymy altyn teňňe tapyldy

Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine ýerli ýaşaýjy tarapyndan Merwiň galalarynyň ýerleşýän ýerinden tapylan gadymy altyn teňňe tabşyryldy. Teňňäniň agramy 4,25 gram bolup, iki tarapyna-da arap elipbiýinde hat ýazylypdyr.

Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda degişli hünärmenler tarapyndan bu teňňäniň, hakykatdan-da, altyn metaldan bolup, VII-VIII asyrlarda Bagdatda zikgelenendigi, arap halyfatlygyna degişlidigi tassyklanypdyr.

Bu günki gün gadymy Merwiň dowamy bolan Mary şäheri bilimiň, ylmyň we medeniýetiň ösen ojagyna öwrüldi. Welaýat merkezinde ýerleşýän obserwatoriýaly welaýat kitaphanasynda, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, beýleki medeni ojaklarda maddy we maddy däl mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar.

Related posts

“Gladiator-2” filmi 2024-nji ýylda görkeziler

Maýkl Jeksonyň meşhur deri keltekçesi satyldy

Howa maglumaty: 10-16-njy iýul aralygy

Leave a Comment