SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda ilkinji maýmyn mama keseli hasaba alyndy

Hytaý materiginde ilkinji maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymy (CCTV) haber berýär.

Teleýaýlymyň habaryna görä, ilkinji maýmyn mama keseli Günorta-Günbatar Hytaýyň Çunsin şäherinde hasaba alyndy. Wirusy göteriji daşary ýurtdan gelipdir.

Çunsin şäherine gelen şahsda maýmyn mama keseliniň alamatlary ýüze çykaryldy. Ol karantin gözegçligine alyndy. Wirus göterijiniň ýagdaýynyň durnuklydygy habar berildi. Wirus göterijiniň ýakyn aragatnaşykda bolan adamlary hem karantin gözegçligine alnyp, lukmanlar tarapyndan seredilýär.

Şäheriň saglygy goraýyş topary öz wagtynda alnan öňüni alyş çäreleriň hasabyna bu wirusyň ýaýramak howpunyň örän pesdigini belläp geçdiler.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň täze rejesi

“Berzeňňi” şypahanasy

Ata Watan Eserleri

Пресс-Релиз :Коронавирус

Dr.Döwran Orazgylyjov

Leave a Comment